Bilýän bolsam
men seni hemişe söýerin,
Ýüregime salsam gaýgyny menem ony duýaryn,
Ýöne näme üçin ykbal bizi bile ýazmady?
Sen kimde bolsaňam öňki söýüşim ýaly söýerin.
Kim menin ýazgydym? Ony biljek ýok,
Kimi söýsemem maňa mejnun diýjek ýok,
Senden aýrylamsoň gyzlar köp duşdy maňa,
Kimi gujaklap öpsemem sençe boljak ýok.
Görmeli boldym kyn bir günleri,
Heýde kelleden çykarmy söýgüliň sözleri,
Biribar alladan bagt dileýän saňa,
Ter çemenli güli bol passyllaryň ýazlary.
Meni ýatlamada, men bir sergezdan
Menem alaryn bir türkmeniň gyzlardan,
Ýöne kimi ýan ýoldaş tutunsamda,
Seni ýatlaryn men gije gündizden.
Seni başga bilen görüp ýanmaly boldum,
Şondan son söýgä zar bolmaly boldum,
Näme diýeýin meni bagyşla diýdiň,
Şeýdip söýgüsiz galmaly boldum.
Şul wagt ikimiz bile bolan bolsak,
Men özümi bagtly duýasym gelýär,
Seni bilemok bul wagt özge bilensiň,
Menä seniň bilen bolasym gelýär.
Daglary söküp geçmelem bolsam, öz söýgimi tapmagym
ahmal !
Çölleri gazyp çykmalam bolsam, öz söýgimi tapmagym
ahmal !
Näme kem zady mende tapdyňmy?
Belki şonuň üçin sen menden aýryldyň,
Ýa-da özge bilen meni gözüň tutdymy?
Belki şonuň üçin sen menden aýryldyň.
|