Belki biraz aňyrrakda saňa garaşyp duran ýagtylyk bardyr.
Gara gün diýilen zady menem gördüm sen ýalak,
Ýöne çekilmedim yza ýoluň ýagtydygyny bildim.
Mende-de üýtgeşik pul ýok, ýöne men göwnüm açyk
Menem ýykdylar sen ýalak ýöne men ýene galdym..
Edil sen ýalak menem köçelerde ygyp ýören,
Ol raýondan bul raýona men şu wagtam agyp ýören,
Edil sen ýalak menem üýtgeşik geýinemok,
Degme gülsünler üstüňden ýöne sen ünsüňi berme!!!
Menem aýdymlarmyň üstünden gülýädiler başda,
Indi näme üçin gülenoklar?? Olaň gülkileri gaçdy,
Menem öň hiç kimiň diňläsi gelenokdy,
Zehinimiň bardygyny hiç kim bilenokdy.
Edil sen ýalak menem öz özümi diňleýärdim
Öz özüme göwünlik, özüme goldaw berýärdim,
Nirde konsert berip borka diýip ýördüm sen ýalak,
Indi özleri çagyrýar garaş senem çagyrarlar. Gidiber öňe !!!
Chorus:
Gidiber öňe degme gülübersinler,
Sen içlerini ýak olaň degme ölibersinler,
Dowam et öz ýoluňy,
Belki biraz aňyrrakda saňa garaşyp duran ýagtylyk bardyr.
Yza gaýdasym gelenok dowam edesim gelýär,
Öňde maňa üýtgeşik täzelikler garaşýar.
Kärimi dowam etjek, boş kelläme gezemok,
Bir umyt baglasam men umydymy üzemok.
Umydyňy üzme senem daýan diňe öz güýjüňe,
Hakykatdan maksat edýän arzuwyna ýetýär hemişe
Her tarapdan ýykjak borlar duşman bolup ýalňyz başa,
Mende-de duşmanlar bar, olar kän çendenaşa.
Degme içleri ýansyn ol seň özüňe peýda,
Olaň pullary doly, ýöne ýürekleri baý dal,
Edil sen ýalak menem sadaja oglan, inede edil meňki ýalak zehiniň bar sende-de.
Beýlekiler aýdymlaryňy diňlemedik bolarlar,
Göwünlerine ýarasa-da insoňy gülen bolarlar,
Sende zehin bardygyny garaş ine barsy biler,
Öňki gülenleriň üstünden sen gülmeli wagtyň geler.. Gidiber öňe !!!
Chorus:
Gidiber öňe degme gülübersinler,
Sen içlerini ýak olaň degme ölibersinler,
Dowam et öz ýoluňy,
Belki biraz aňyrrakda saňa garaşyp duran ýagtylyk bardyr.
Barymyz bir çörek iýýäs barymyz bir suw içýäs,
Üýtgeşik nahar iýemok menem edil sen ýalak,
Menem karz alyp gördüm senem karz alyp gördüň,
Meň dynç alýan ýerlerime otak senem baryp gördüň.
Duşmanyň ýüzüne gülüp bakmany oňar,
Ol gülki olaryň içiniň gara maksadyny daňar,
Sen ýoluňa çukur gazmak niýetleri kesilsin,
Degme içleri ýansyn gözlerinde ösensiň.
Beýlekiler ejiziň üstünden gülseler sen şol ejize eliňi uzat!
Öň sogaby saňa 2 esse gaýdyp geler,
Adamçylygyň bardygyny hemme kişi biler.
Senem diňläsleri geler ine basym görersiň,
Aýrylşasyň gelmez hiç, öz käriňi söýersiň,
Geň galdyrjak aýdym ýazyp senem at alarsyň,
Senden üýtgeşik ýerim ýok , men galdym senem galarsyň!!
Chorus:
Gidiber öňe degme gülübersinler,
Sen içlerini ýak olaň degme ölibersinler,
Dowam et öz ýoluňy,
Belki biraz aňyrrakda saňa garaşyp duran ýagtylyk bardyr.